Biziň  Hyzmatlarymyz

ISO standartlary boýunça dolandyryş ulgamyna doly baha bermek

ISO boýunça sertifikasiýa taýynlyga tiz wagtda baha bermek

ISO dolandyryş ulgamlary boýunça treningler

“Size ISO zerurmy” diýen mugt prezintasiýa ýazylyň

Siz dolandyryş ulgamyňyzyň üstünlikli barlagyny Biz bilen geçiň.

Munuň netijesi diňe ISO sertifkasiýasy däl-de, eýsem Siziň biznesiňiziň ösmegi üçin durnukly ulgamyň gurluşynyň başlangyjy bolar.

Haýsy standartlar boýunça

9001:2015 Standart boýunça sertifikasiýa

 14001:2015 Standart boýunça sertifikasiýa

22000:2018 Standart boýunça sertifikasiýa

 50001:2018 Standart boýunça sertifikasiýa

 45001:2018 Standart boýunça sertifikasiýa

GLOBAL G.A.P. Standart boýunça sertifikasiýa

HALAL talaplary boýunça sertifikasiýa

27001:2022 Standart boýunça sertifikasiýa

Sertifikasiýa näme?

Kompaniýanyň dolandyryş ulgamyny bellenen ISO standartynyň talaplaryna gabat gelýändigini tassyklamak maksady bilen sertifikasiýa edilýär.


Sertifikatyň lisenziýadan ýa-da beýleki resminamalardan tapawudy, onuň rugsat beriji dal-de tassyklaýjy resminamalygyndadyr.


Şol wagtyň özunde ISO sertifikat kompaniýa döwlet we halkara tenderlerine gatnaşmaga hem-de hyzmatdaşlyk üçin köplenç ISO sertifikasiýasyny esasy şert hökmünde goýýan halkara iri kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga mümkinçilik berýär.


Umuman aýdaňda ISO sertifikasiýa daşary ýurt bazarlaryny gazanmakda ilkinji we anyk ädim hasaplanýar.

BIZ HAKDA


Dolandyryş ulgamyna baha berýän ussat ekspertlerden ybarat topar 2020-nji ýylyň ýanwarynda düzüldi. Ähli hünärmenler Beýik Britaniýada ýerleşýän IRCA-nyň Halkara okuwlaryny geçip, synaglaryny üstünlikli tabşyrdylar.


Biziň kwalifikasiýamyz “CERT International” (Slowakiýa) guramanyň öňde baryjy auditorlary tarapyndan ekspert kesgitlemesini geçdi, biziň toparymyz bolsa, halkara standartlar boýunça dolandyryş ulgamyna özbaşdak baha bermek hukugyna eýe boldy.


Eger-de Siziň dolandyryş ulgamyňyza ussat, halkara-meşhur baha bermeklik gerek bolsa biz, Siz bilen öndürijilikli hyzmatdaşlyga taýýar.

BIZIŇ

HYZMATDAŞLARYMYZ

Cert International - Sertifikasiýa boýunça Halkara Gurama. SNAS  Slowakiýanyň milli akkreditasiýa gullugy tarapyndan tassyklanan Ýewropanyň akkreditasiýasy bar. 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan “HIL-TM” merkezi “CERT International” halkara guramasynyň resmi hyzmatdaşydyr.


TÜV Thüringen - howpsuzlyk we hil bilen baglanyşykly ähli meselelerde hyzmatlary berýän halkara kompaniýadyr. TUV Thuringen, Germaniýanyň Milli akkreditasiýa guramasy DAkkS tarapyndan akkreditasiýa edildi. DAkkS tarapyndan akkreditirlenen sertifikatlar EA, IAF we ILAC - ýaly halkara guramalar tarapyndan özara ykrar edilýär.

2021-nji ýyldan bäri HIL-TM merkezi TÜV Türingeniň resmi hyzmatdaşy bolup durýar.

Auditorlar

gulistan
Гафурова Гулистан ISO 9001 Lead Auditor_IRCA-1
Sertificate ISO 22000 Lead Auditor_IRCA-1
gulistan 2-1
gulistan 1-1

GULISTAN GAFUROWA

(ISO 9001) hil, (ISO 22000) azyk howpsuzlygy, (ISO 45001) saglygy goramak we zähmet howsuzlygyny üpjün etmek we (ISO 14001) ekologiya ulgamlarynyň dolandyrylyşy boýunça halkara auditory bolup durýar.
Gulistan, IRCA halkara sertifisirlenen auditorlaryň sanawyna girizilen auditorlaryň biridir.
Gulistan Türkmenistanyň ýerli kärhanalarynda 30-dan gowrak halkara barlagyny geçirdi. Gulistanyň dolandyryş ulgamlarynyň ýola goýluşyna baha bermeklikde 10 ýyl töweregi tejribesi bar.

C3823CAC-2E78-4C22-BF49-99B2D762E0B4
Стрижнёв О - Ведущий аудитор ИСО 9001
Олег Стрижнев - Ведущий аудитор 22000-1
oleg 1-1
oleg 2-1

OLEG STRIŽNYOW

(ISO 9001) hil, (ISO 22000) azyk howpsuzlygy, (ISO 45001) saglygy goramak we zähmet howsuzlygyny üpjün etmek we (ISO 14001)  ekologiya ulgamlarynyň dolandyrylyşy boýunça halkara auditory bolup durýar.
Oleg, IRCA halkara sertifisirlenen auditorlaryň sanawyna girizilen auditorlaryň biridir. Olegiň Türkmenistanyň ýerli kärhanalarynda 10-dan gowrak halkara barlagy bar.
Olegiň hünär tejribesi senagat we nebit-gaz pudagy bilen baglanyşykly bolup durýar. Injener başarnygy we menejer hökmünde toplan tejribesi, kärhananyň dolandyryş ulgamlarynyň halkara talaplaryna laýyklygyna hünär taýdan baha bermäge mümkinçilik berýär.

aygul
aygul 3-1
aygul 2-1
Orazova Aygul - Ведущий аудитор ИСО 9001
AIGUL ORAZOVA.22000-1

AÝGÜL ORAZOWA

(ISO 9001) hil, (ISO 22000) azyk howpsuzlygy, (ISO 45001) saglygy goramak we zähmet howsuzlygyny üpjün etmek we (ISO 14001)  ekologiya ulgamlarynyň dolandyrylyşy boýunça halkara auditorydyr.
Aýgül, IRCA halkara sertifisirlenen auditorlaryň sanawyna girizilen auditorlaryň biridir. Ol öz maslahat beriş işiniň dolandyryjysy bolup durýar.
2017-nji ýyldan bäri ISO halkara standartlarynyň talaplaryny girizmekde tejribesi bar. Biznes prosesine maglumat tehnologiýasyny ornaşdyrmakda umumy maslahat beriş stažy 10 ýyldan gowrak bolup durýar.

Täzelikler

"BOLD" içgileri öndürýän kärhanasy

Oktýabr  2022ý.

"Bold", "Pokgi", "Buzz" ýaly meşhur içgileri öndürýän "Yupekchi" HJ ISO 9001: 2015 we FSSC 22000 (5.1) sertifikatlaşdyrma ulgamyna laýyklykda synçylyk barlagyndan üstünlikli geçdi. Önümçiligiň mundan beýläk hem, giňelmegini we gowulaşmagyny arzuw edýäris!

Aktiw eksport edýän dokma önümçiligi

Sentýabr  2022ý.

Öz ugry boýunça dokma senagatynda ýeke-täk bolan "Batly gadam" HK- sy ISO 9001: 2015, ISO 14001: 2015 we ISO 45001: 2018 standartlaryna laýyklykda synçylyk barlagyndan geçdi. "Batly gadam" HK öz myhmansöýerligi bilen bizi haýrana galdyrdy. Has möhümi, kompaniýa sarp edijilere, işgärlere we daşky gurşawa nähili üns berýändigini görkezdi. Bazarymyzyň pagta bilen doýunlygyna garamazdan, kompaniýa gaýtadan işlenen çig maly ikilenç ulanýar. Şeýle hem önümçiligiň galyndy suwlaryny kanalizasiýa akdyrmazdan ozal arassalaýarlar. Hemme önümçilik enjamlary awtomatlaşdyrylan we işgärler üçin dynç alyş otaglary bar. Kärhana sarp edijiler bilen yzygiderli söhbetdeşlik geçirýär we üznüksiz gowulaşmak üçin sarp edijileriň isleglerini göz öňüne tutmaga hemişe taýýardyr. Şol sebäpli, "Batly gadam" HK-nyň jorap önümleri üçin teklipleriňiz bar bolsa, elmydama olara hat ýazyp bilersiňiz we olar size örän minnetdar bolarlar.

"HIL-TM" Merkeziniň diňleyjileri

Sentýabr  2022ý.

Iň üstünlikli telekeçiler hem noldan başlap biznes gurup başladylar! “Täze saba” HJ, Türkmenistanda diş çotgalaryny öndürýän ýeke-täk kärhanadyr. CV Dent markasy bilen 2018-nji ýylda diş çotgalaryny öndürip başlan bu kärhana häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Özbegistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlara eksport edýär. Diňleýjilerimize zawody görmäge mümkinçilik berendigi we telekeçilik bilen baglanyşykly durmuş tejribelerini paýlaşandygy üçin kärhananyň Baş direktory Nazar Ýazgylyjowa köp sag bolsun aýdýarys Ütünlikli işiň açary diňe bir maliýe dolandyryşynda däl, eýsem ýaş nesle goşant goşmakda hem gizlenýär ahyry.

"Turkmen senagat" HJ-ne  ISO sertifikadynyň gowşurylyşy

Sentýabr 2022ý.

"Türkmen senagat" HJ polietilenden ýasalan basyş turbalaryny, basyşsyz turbalar üçin iki gatly profilli diwar turbalaryny, elektrik işi üçin elektrik izolýasiýa materialyndan çeýe gasynlanan turbalary öndürýär. Önümlerini daşary ýurda eksport etmek we önümlerini halkara derejesinde öndürmek islegi “Türkmen senagat” HJ, ISO 9001:2015, ISO 14001:2015, ISO 45001:2018 üç standart boýunýa sertifisirlenmäge itergi berdi. Alnan şahadatnama kärhananyň hil dolandyryş , ekologiýa dolandyryş we saglygy goramak we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek dolandyryş ulgamlarynyň halkara talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu sertifitirleniş, Winrock (USAID) proýektiniň ýardamy bilen Slowakiýanyň CERT International guramasy tarapyndan geçirildi.

Altyn sertifikadynyň gowşurylyşy

 

Iýun  2022ý.

"Aýdyň Gijeler" HJ, içerki we daşky yşyklandyryş lampalary, telewizorlary, monobloklary, telefonlary, planşetleri ýygnamak bilen meşgullanýar. Dünýä belli brendlar bilen bäsleşmek we täze bazarlara çykmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” HJ, hil dolandyryş ulgamynyň barlagyny geçdi hem-de Türkmenistanda ilkinji bolup, “CERT International” sertifikasion guramasyndan ISO 9001:2015 altyn sertifikatyny aldy.

Türkmenistanda elektrik enjamlaryny öndüriji halkara ülňülerine laýyk gelýär

 Maý 2022ý.

2016-njy ýylda döredilen “Aýdyň gijeler” HJ ýurtda iň üstünlikli ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň biridir. “Aýdyn gijeler” HJ telefonlary, planşetleri, monobloklary, telewizorlary, köçe we içerki yşyklandyryş enjamlary öndürýär. Daşary ýurt markalar bilen bäsleşmek we täze bazarlara çykmak niýeti bilen ” Aýdyň Gijeler” HJ, ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky şahadatnamany aldy. Resmi gowşurma dabarasy 25-nji maýda şäheriň gününe bagyşlanan "Ak şäherim Aşgabat " atly ähliumumy sergide geçirildi.

Sertifitsirlenen logistik kärhanasy

Iýul  2022ý.

"Hazar logistik" ýurdymyzda import-eksport we transport - ekspeditor boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolup durýar. Olar deňiz, demir ýol, awtoulag we howa transportlary arkaly multimodal we konteýnerde diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem sebit we halkara derejesinde ýük daşamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýärler Şu ýylyň maý aýynda "Hazar logistik" HK-nyň ähli pudaklarynda, ýagny Aşgabatda, Maryda we Türkmenbaşyda hil dolandyryş ulgamynyň barlagy geçirildi. Kompaniýa ähli şahamçalaryň ISO 9001:2015 talaplaryna laýyk gelýändigini ulgamlaýyn subut etdi. Şonuň üçin şu ýylyň iýul aýynda Slowakiýanyň CERT International sertifikasion guramasy tarapyndan ISO 9001:2015 standartyna laýyk gelýändigi baradaky şahadatnama berildi.

Türkmenistanyň ilkinji Spanbond önümçiligi

 

Iýun  2022ý.

"Türkmen senet" HJ 2019-njy ýylda Türkmenistanda ilkinji bolup SPANBOND materialyny öndürip başlady. SPANBOND lukmançylyk pudagynda bir gezek ulanylýan önümler (maskalar, köýnekler, şlýapalar, geýimler we aýakgap örtükleri) üçin uly islegden peýdalanýar. “Spanbond” diňe bir lukmançylyk pudagynda däl, eýsem kosmetologiýada, şahsy arassaçylyk önümlerinde, mebellerde, uçar oturgyçlarynda, senetçilik önümlerinde hem ulanylýar - örtükler, organaýzerler, dürli görnüşdäki we ululykdaky gutular, ýeňil senagatda dürli görnüşdäki eko torbalary öndürmekde we beýleki pudaklarda ulanylýar. "Türkmen senet" HJ 2021-nji ýylda ISO 9001:2015 talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky şahadatnamany aldy. Bu ýyl bolsa, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we kärhananyň dolandyryş ulgamyny ösdürmek maksady bilen, “Türkmen Senet” HJ üç standart boýunça auditini geçdip, ISO 9001: 2015 hil , ISO 14001: 2015 ekologiýa we ISO 45001: 2018 saglygy goramak we zähmet howpsuzlygy dolandyryş ulgamlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky sertifikaty gowşuryldy.

"Mizemez Gadam" HK  dolandyryş ulgamynyň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany aldy

Maý 2022ý.

"Mizemez Gadam" hususy kärhanasy gurluşykda ulanylýan izogam, şeýle hem bitum-emulsiýa mastigi, suw geçirmeýän bitum membranasy we ş.m. bitum önümlerini öndürýär. 2022-nji ýylyň aprelinde "Mizemez Gadam" HK ISO 9001:2015, ISO 45001:2018, ISO 14001:2015 üç standart boýunça sertifikasion barlagyny geçidi we dolandyryş ulgamynyň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany aldy.

Küşt boýunça halkara ýaryşynyň ýeňijisi

Iýul  2022ý.

15-nji we 16-njy iýulda Aşgabat küşt we şaşka mekdebi diplomatlaryň we olaryň maşgalalarynyň arasynda küşt boýunça halkara ýaryşyny geçirdi, biziň kompaniýamyz hem Küşt federasiýasynyň hemaýatkärleriniň biri bolup çykyş etdi. Ýaryşyň ajaýyp guramaçylygy üçin gurnaýjylara öz minnetdarlygymyzy bildirýäris we şatlyk bilen diňleýjimiz Isaguly Rzagulyýewiň bu ýaryşda abraýly üçünji orny eýeländigini habar bermek isleýäris. Şeýle zehinli oglanlaryň kompaniýamyzda tejribe alýandygyna buýsanýarys!

"Ahal city" taslamasynyň gurluşykçylary

Iýun  2022ý.

Gurluşyk pudagyndaky "Ýakynkent" hususy kärhanasy, "Ahal city" taslamasynda ýaşaýyş jaýlaryny we çagalar bagyny gurmak boýunça işleri alyp barýar. Bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak üçin kompaniýa halkara talaplaryna laýyklykda hil dolandyryş ulgamyny gurdy. Slowakiýanyň “CERT International” guramasyndan alnan, ISO 9001: 2015 sertifikat bolsa, muňa subutnama bolup durýar.

Meşhur reňkli gaplama

Aprel 2022ý.

Dükanlarda "Elin", "Aýazbaba", " Täze aý " we ş.m. önümleri saýlanymyzda, olary reňkli gaplary arkaly tanaýarys. Eýsem şu gaplary kimiň öndürýändigi barada özüňize sorag berip gördüňizmi? "Halk Hazyna" HJ, "Innovapak" markasynyň astynda şol plastik gaplary öndürýär. Diňe öz önümleri üçin däl, eýsem gaplanan önümler üçin hem jogapkär bolmak bilen, Halk Hazyna gaplarynyň ýokary hilli we howpsuzdygyny ynam bilen aýtmak üçin, önümçiligini dolandyrmaklyga talapkärçilik bilen çemeleşýär. Iýmit howpsuzlygynyň we önümçiliginiň hiliniň subutnamasy hökmünde kärhana dolandyryş ulgamynyň barlagyny geçdi we 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde ISO 22000:2018 azyk howpsuzlygy dolandyryş ulgamy we ISO 9001:2015 hil dolandyryş ulgamy standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky şahadatnamany aldy.

"Türkmen ýyldyzy" HK-na ISO sertifikadynyň gowşurylyşy

Iýul  2022ý.

«Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasy energetiki desgalarda sazlamak we abatlamak üçin hyzmatlary ýerine ýetirýär, şeýle hem "Gerim" markasy bilen izolirlenen simleri we kabelleri öndürýär. Kärhanada 23 görnüşli simler we kabeller hem-de uzak aralykdaky ýokary woltly liniýalar üçin niýetlenen izolýasiýa edilmedik alýumin simleriniň bäş görnüşi öndürilýär. Mundan başga-da, kärhana ýaşaýyş jaýlarynda we dürli desgalarda ulanylýan izolirlenen kabellerini öndürýär. Şeýle hem dört görnüş iki ýadroly we alty görnüş dört we bäş ýadroly kabelleri öndürýärler. Önümçiligiň şeýle mukdary güýçlendirilen gözegçiligi we dolandyryşy talap edýär we ulgamlaýyn dolandyrylyşy gurnamak üçin «Türkmen ýyldyzy» HK hil dolandyryş we saglygy goramak we zähmet howupsyzlygy üpjin etmek ulgamlarynyň dolandyryşyny girizdi. Şeýle hem, halkara standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklamak üçin kärhana dolandyryş ulgamynyň barlagyndan geçdi we Slowakiýanyň CERT International guramasyndan ISO 9001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky şahadatnamany aldy.

Söwda-senagat palatasy ISO sertifikadyny aldy

Iýun  2022ý.

Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň döremegin, telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda, ykdysady, ylmy we tehniki gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýär. Bölümlerinden biri sergi ýarmarkasy işi bilen meşgullanýar we ýakynda hil dolandyryş ulgamyna baha beriş barlagyndan geçdi. Türkmen halysynyň gününe bagyşlanyp geçirilen serginiň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasyna, hil dolandyryş ulgamynyň halkara talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky sertifikaty gowşuryldy. Ulgamyň mundan beýläk-de ösmegini we yzygiderli kämilleşmegini arzuw edýäris.

Ynamyňyzy gazanan süýjülikler

Mart 2022ý.

Biz hemmämiz süýji zady gowy görýäris.Dükanlarda süýjülik saýlanymyzda, ýokary hilli we howpsuz önümlere isleg bildirýaris. Siziň ynamyňyzy gazanmak, diňe ýerli däl eýsem halkara bazarynda-da bäsdeşlige ukyply bolmak üçin, “Hojaly” HJ ISO 9001:2015 hil we ISO 22000:2018 azyk howpsuzlyk standartlarynyň talaplaryna laýyklyk sertifikasion barlagyny geçdi. Biziň auditorlarymyz, TUV Thuringen auditory bilen bilelikde kärhananyň konditer önümçiliginiň dolandyryş ulgamyna baha berdiler we halkara standartlaryna laýyk gelÿändigini tassykladylar. Geljekde-de “Hojaly” HJ -iň süýjülikleri siziň ýüregiňizi gazanmaklygy dowam etdirer diýip umyt edýäris.

Seslenmeler

"Ak Bulut" HJ

"Batly gadam" HK

"Türkmen Senet" HJ

"Depginli Ädim" HJ

"Türkmen Senet" HJ

"Türkmen Deňiz Hyzmatlary" HJ

"Takyk Abzal" HJ

"Taze Saba" HJ

Biziň müşderilerimiz